Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Charlie Hebdo” gyrgynçylygyny eden terrorçy atsyz mazarda jaýlandy


Fransuz polisiýasy
Fransuz polisiýasy

Günbatar Ýewropa boýunça terrorçylykda güman edilýänler tussag edilip başlandy.

Parižde "Charlie Hebdo" satiriki žurnalynyň redaksiýasyna hüjüm edip, 12 adamy öldüren doganlardan biri Said Kouachi atsyz mazarda jaýlanypdyr. Said Kouachi geçen anna güni gijara owalky ýaşan Reims şäherinde gizlinlikde jaýlanypdyr.

Reims şäheriniň häkimi Arnaud Robinetiň aýtmagyna görä, ol mazaryň "janköýerleriň zyýaratgähine" öwrülip biljekdiginden howatyrlanany üçin onuň ol ýerde jaýlanmagyna garşy çykanam bolsa, soň kanuna garşy gitmän, raýyndan gaýtmaly bolupdyr.

Şäher häkimliginiň ýaýradan beýannamasynda nygtalyşyna görä, "asudalygy bozup biljek howpy aradan aýyrmaklyk we şeýle oňaýsyz işden gyssagly dynmaklyk üçin" jaýlamaklyk işi gaty çalt berjaý edilipdir.

Mazaryň ýeri gizlin saklanar

Said Kouachiniň aklawjysynyň aýtmagyna görä, žurnalistleriň yzarlap biljekdigi we şeýlelik-de mazaryn gizlin ýeriniň äşgär boljakdygy sebäpli onuň dul aýaly jaýlanyşyga gatnaşdyrylmandyr.

Žurnalyň redaksiýasyna edilen hüjümden iki gün soň, 9-njy ýanwarda, Said Kouachi we onuň jigisi Cherif Parižiň demirgazygyndaky senagat etrabynda polis taparyndan öldürildiler.

Cherif Kouachiniň bolsa Parižiň golaýynda ýerleşýän Jenewilýers şäherinde jaýlanmagyna garaşylýar.

Edil şol gün Parižiň ýewreý supermarketinde dört adamy öldüren üçünji ýaragly söweşiji Amedy Koulibalynyň haçan we nirede jaýlanjagy barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär. Koulibaly şol bir wagtyň özünde bir zenan polisi öldürenlikde hem güman edilýär.

Prezident bazara aýlanypdyr

Şenbe güni Tul şäherinde bazara aýlanan Fransiýanyň prezidenti Francois Hollande "Fransuz halky duçar bolan pajygaly ýagdaýyndan başyny abraý bilen alyp çykdy. Elbetde, biz howpuň entegem dowam edýändigini bilýäris. Ýöne durmuş öz akymyna dowam etmeli. Biz bir bütewi halk hökmünde hasam güýçli bolmalydyrys. Ynha, bu biziň [terrorçylyga garşy] berip biljek iň gowy jogabymyzdyr" diýdi.

Häzir bütin Fransiýa boýunça şäher we şäherçeleriň köçelerinde 15 müň gowrak polis güýji nobatçylyk edýär.

Belgiýa - iň köp jyhatçylaryň watany

Fransiýanyň goňşusy Belgiýada hem harby goşun howpsuzlyk üçin ýokary derejeli hüşgärlik ýagdaýyna geçirilipdir.

Ol ýerde ýurduň gündogaryndaky Werwiýer şäherinde geçen anna agşamy terrorçylar diýlip güman edilýän iki adam polis tarapyndan atylyp öldürildi.

Brýussel we Antwerpen şäherlerinde 150 esger gözegçilik nobatçylygyna başlapdyr we geljek hepdelerde olaryň sany iki esse köpeler.

Belgiýa, adam başyna düşýän jyhatçylaryň sanyna görä, Günbatar Ýewropada birinji orunda durýar. Käbir çaklamalara görä, Yrakdaky we Siriýadaky bäş müňe golaý daşary ýurtly söweşijiden 300-450 sanysy Belgiýadan gelenlerdir.

Belgiýanyň özünde bolsa bäş ýüz müň musulman ýaşaýar.

Belgiýa 2011-nji ýylda aýallaryň ýüzüni örtmegini we bedenini doly ýapýan bürenjek geýmegini gadagan edipdi.

Tutha-tutluk

Geçen hepdäniň ahyrynda Ýewropa boýunça terrorçylyk ynjalyksyzlygy we dartgynlylygy dowam etdi.

Parižde bir ýaragly adam poçta jaýynda birnäçe adamy zamun aldy. Ýöne polisleriň tagallalary netijesinde ol kişi soňra polisiýa boýun bolup, zamun alanlaryny goýberdi.

Resmileriň bildirmegine görä, bu hadysanyň terrorçylyk bilen bir arabaglanyşygynyň bolup-bolmandygy derňelýär.

Belgiýanyň polis edaralarynda 13-e golaý şübheli adam sorag edilýär.

Fransiýanyň polisiniň bildirmegine görä, geçen hepde "Carlie Hebdo" žurnalyna we supermarkete hüjüm eden terrorçylara goldaw beren bolmagy ahmal diýlip güman edilýän 12 adam tussag edilipdir.

Polisiň beýannamasyna görä, Belgiýa bilen Pariždäki hadysalaryň baglanşyklydygyny görkezýän alamatlara duş gelinmändir.

Germaniýada 12 öý bilen bir metjitde derňew geçiren polis iki adamy tussag edipdir. Polis olary Siriýä söweşiji iberýän toparlaryň agzasydyr diýip güman edýär.

XS
SM
MD
LG