Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministr tankytçy işden çekildi


Gürjüstanyň içeri işler ministri 23-nji ýanwarda, özüni polisiýa tarapyndan ödürilen iki adamyň ölüminiň töweregindäki bassyr-ýussurlykda aýyplan adam öldürilenden soň işden çekildi.

2006-njy ýylda polisiýa iki adamy, hamala ýoldan sowul diýlen buýruga boýun bolmany üçin, maşynyň içinde atyp öldürdi. Polisiýa ol adamlaryň ilki ok atandyklaryny aýtdy.

Öldürilen adamlaryň biriniň kakasy Ýuriý Wazargaşwili içeri işler ministri Aleksandr Çikaidzäni öz oglunyň we beýleki adamyň öldürilmegini bassyr-ýussur etmekde aýyplap, açyk çykyş etdi.

Wazargaşwili 20-nji ýanwarda, gonamçylyga baryp, oglunyň mazaryna zyýarat edende, mazarda goýlan partlaýjynyň ýarylmagy bilen wepat boldy.

Çikaidze Içeri işler ministrliginiň websaýtynda goýlan beýanatda Wazargaşwiliniň özüne garşy bildiren aýyplamasy galp hem bolsa, onuň ölüminden soň «ahlak jogapkärçiligini» duýup, işden çekilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG