Müsürde 2011-nji ýylyň syýasy öwrülişikleriniň ýyl dönüminiň bellenen wagty dörän dartgynlylyk zerarly azyndan 15 adam heläk boldy. Döwlet habar beriş serişdeleriniň aýtmagyna görä, 25-nji ýanwarda polisiýanyň we protestçileriň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda dokuz parahat adam öldürilipdir.
Içeri işler ministrligi Kairiň demirgazygynda yslamçy protestçiler bilen çaknyşykda polisiýa ofiseriniň atylyp öldürilendigini we ençeme protestçiniň oka tutulandygyny habar berdi.
Kairiň merkezinde polisiýa öňki prezident Hosni Mubaragy häkimiýet başyndan agdaran rewolýusiýanyň merkezi bolan Tahrir meýdançasynda ýöriş geçirmäge synanyşan ýüzlerçe protestçini dargatdy. Şeýle-de yslamçy bolmakda güman edilýän iki adam bomba partlamasynda heläk boldy. Yslamçylar prezident Abdel-Fattah el-Sissiniň häkimiýetine garşy çykyş edýärler.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.