Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baku,Ýerewan bir-birini aýyplady


Ermenistanyň goşuny türgenleşik geçirýär, Daglyk Garabag, 14-nji noýabr, 2014.

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň resmileri 1994-nji ýylda gelnen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozmak barada bir-biriniň adyna täze aýyplamalary öňe sürdüler.

26-njy ýanwarda Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistanyň harbylarynyň soňky 24 sagadyň dowamynda ýaraşygy 124 gezek bozandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili Artsrun Howannisian Azerbaýjan bilen serhetde, Azerbaýjanyň elindäki giňişligiň we etnik ermenileriň elindäki Daglyk Garabagyň araçäginde “Ermenistanyň goşunlary ýagdaýa doly gözegçilik edýärler”, diýip 26-njy ýanwarda Facebookda ýazdy.

24-nji ýanwarda Daglyk Garabagyň goranmak ministrligi Azerbaýjanyň ok atyşygy bes etmek barada bar bolan ylalaşygy geçen hepdede 1 800 bozandygyny we 14 azerbaýjanly esgeriň öldürilendigini aýtdy.

Baku we Ýerewan Azerbaýjanyň separatist Daglyk Garabag regionynyň üstünde ençeme ýyl bäri dawalaşyp gelýärler. Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistler 1990-njy ýyllaryň başynda bolan we 30 000 adamyň ölümine sebäp bolan urşuň netijesinde esasan ermeni ilatly regiony Azerbaýjandan bölüp alypdy. Diplomatik tagallalar uly netije bermedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG