Adam Hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy dünýäde köp hökümetiň howpsuzlyga wehim salýan ýagdaýlara garşy göreşinde adam hukuklaryny äsgermän uly ýalňyşlyk goýberýändigini öz ýyllyk hasabatynda aýdýar.
Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasynyň 2015-nji ýyl boýunça hasabatynda guramanyň ýerine ýetiriji müdiri Kenneth Roth adam hukuklarynyň depelenmeginiň yslam ekstremizmi we Ukrainadaky konflikt ýaly global problemalaryň agyrlaşmagynda we ýaýbaňlanmagynda uly rol oýnaýandygyny aýdýar.
Roth, hususan-da, Günbataryň Orsýetde başga pikirlilige we graždan jemgyýetçiligine edilýän basyşlara “çäkli reaksiýasynyň” Ukrainadaky krizisiň güýçlenmegine täsir ýetirip bilýändigini, sebäbi Kremliň maglumat çäkliligini Ukrainadaky öz hereketleriniň jemgyýetde tankyt edilmezligi üçin ulanýandygyny belleýär.