Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: metjitde 61 adam öldürildi


Pakistanda şaýy musulmanlarynyň müňlerçesi ýurduň soňky ýyllarda bolan iň elhenç mezhep gyrgynçylygyndan soň proteste toplandy.

Pakistan resmileri 30-njy ýanwarda şaýy metjidinde bolan partlamanyň azyndan 61 adamy öldürendigini, 50-den gowrak adamy hem ýaralandygyny aýdýarlar.

Bu waka ýurduň günortasyndaky Sindh welaýatynda, Karaçiden 470 km demirgazykdaky Şikarpur etrabynda, anna namazy wagtynda bolupdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini sünni jeňçi guramasy bolan «Jundallah» öz üstüne aldy. Welaýat hökümeti 31-nji ýanwary ýas güni diýip yglan etdi.

XS
SM
MD
LG