Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kitaphanasynda ýangyn boldy


Orsýetiň müňlerçe seýrek we taryhy dokument saklanýan iň uly kitaphanasynda ýangyn boldy.

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti Wladimr Fortow Ylmy maglumatlar we sosial ylymlar institutynda turan ýangynyň 30-njy ýanwar güni giçlik başlanyp, ertesi hem esli wagtlap dowam edendigini aýdýar.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi bu ýangyny öçürmek üçin 200-den gowrak ýangyn söndürijiniň işländigini aýtdy.

Kitaphananyň direktory Ýuriý Piwowarow 10 milliondan gowrak dokument we tekst saklanýan kitaphanada ýangyn turmagy «betbagtçylyk» diýdi.

Ol ýangynyň näçe zyýan ýetirendigi belli däl, emma seýrek orta asyr slawýan tekstleriniň saklanýan ýeri aman galana meňzeýär diýdi.

XS
SM
MD
LG