Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Ukrainadaky uruşda 5.358 adam öldi


Donetsk sebitinde alnyp barylýan söweş hereketleri
Donetsk sebitinde alnyp barylýan söweş hereketleri

BMG-niň ýokary derejeli resmisi gündogar Ukrainadaky konfliktde azyndan 5.358 adamyň ölendigini aýdyp, hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanylýan orsýetparaz separatistleriň arasyndaky söweşiň “heläkçilikli” görnüşde ösmeginiň öňüni almaga çagyrdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Zeid Ra’ad Al Huseýn 3-nji fewralda beýanat ýaýradyp, ýanwaryň soňky üç hepdesiniň özünde parahat ilatyň arasyndan 224 adamyň öldürilendigini we 545 adamyň-da ýaralanandygyny aýtdy.

Beýanatda aprel aýyndan bäri dowam edip gelýän konfliktde ölenleriň sanynyň azyndan 5.358 adam bolandygy çaklanylýar. Emma şol bir wagtda-da BMG-niň käbir edaralary ölenleriň sanynyň hakykatda mundan hem köpdügine ynanýarlar.

Zeid: “Ýagdaýlaryň mundan beýläk ýaramazlaşmagy gündogar Ukrainada konfliktiň orruk ortasynda ýaşaýan 5.2 million adam üçin heläkçilikli bolar' diýdi.

Zeid öz beýanatynda aradaky hökümetlere we “regionda täsiri bolanlara” ýüzlenip, atyşyklary bes etmek barada geçen sentýabrda Minskde gelnen ylalaşyklaryň “doly berjaý edilmegini gazanmaga” çagyrdy.

Zeid dünýä liderleriniň ýa-da resmileriniň ýene biri hökmünde soňky wagtda Ukrainadaky konfliktiň has-da ýaýbaňlanmagyna alada bildirdi.

ABŞ-nyň administrasiýasynyň Ukrainany söweş maksatly goranyş ýaraglary bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýandygy baradaky maglumatlardan soň Ak tamyň metbugat wekili Jen Psaki çykyş edip, “ABŞ öz ünsüni meseläniň diplomatik çözgüdini tapmaga gönükdirýär” diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Biz krizisiň gepleşikler arkaly çözülmegi üçin, elmydam beýleki mümkinçiliklere-de garaýarys” diýdi.

Kiýew bilen Günbatar ýurtlar Moskwany gündogar Ukrainadaky separatistleri ýarag bilen üpjün etmekde we olara tälim bermekde aýyplaýarlar. Kreml bulary ret edýär.

Ukrainanyň hökümet wekilleri-de, jeňçileriň baştutanlary-da öz 3-nji fewralda eden çykyşlarynda soňky 24 sagadyň içinde parahat ilatdan azyndan 16 adamyň öldürilendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG