Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Iordaniýa pilotyň öldürilmegine jogap berdi


Iordaniýa “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň iordaniýaly pilotyň otlanyp öldürilmegini görkezýän wideony çap edensoň, bombaçy zenan öz janyndan geçip, hüjüm etmäge synanyşan Sajida al-Rişawini we ýene bir yrakly söweşijini jezalandyrdy.

Rişawiniň 4-nji fewralda 2008-nji ýylda iordaniýalyny öldürmekde aýyplanan yrakly Ziyad Karboli bilen bilelkde asylyp öldürilendigi habar berilýär.

Rişawi Iordaniýanyň paýtagty Ammanda 2005-nji ýylda onlarça adamyň ölümine sebäp bolup, myhmanhanada amala aşyrylan bomba partlamasyndaky roly üçin ölüm jezasyna höküm edilipdi.

“Yslam döwletiniň” söweşijileri iordaniýaly pilot Muath al-Kasaesbehiň boşadylmagy üçin Rişawiniň azat edilmegini talap edipdiler. Iordaniýaly pilot dekabr aýynda uçary Siriýada urlup gaçyrylansoň söweşijileriň eline düşüpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG