Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa Ýewrowideniýe gatnaşýar


“Ýewropanyň tele-radio gepleşikler” bileleşigi Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň şu ýylky tapgyryna Awstraliýanyň ilkinji gezek gatnaşjakdygyny mälim etdi.

10-njy fewralda bäsleşigiň guramaçylary Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň websahypasynda “Hawa, siz dogry okadyňyz!” diýip, ýurduň geografiki taýdan ýerleşişini bir gyra goýup, şu ýyl 60-njy gezek geçirilýän meşhur bäsleşige “goşmaça formaty” kabul etdik diýip habar berdiler.

Guramaçylar, eger 23-nji maýda Awstriýanyň paýtagty Wenada geçiriljek bäsleşikde awtraliýaly gatnaşyjy birinji orna mynasyp bolsa, onda bu ýurduň öňümizdäki ýyl hem Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşjakdygyny mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde guramaçylar Ýewrowideniýe bäsleşiginde Awtraliýanyň yzygiderli ýaryşjakdygy barada heniz hiç bir planyň ýokdugyny hem bellediler.

Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi Awstraliýada giňden meşhur bolup, ýurduň ýörite telegepleşikler gullugy (SBS) bu bäsleşigi 30 ýyldan gowrak wagt bäri görkezip gelýär.

XS
SM
MD
LG