Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew BMG-niň parahatçylyk missiýasyny çagyrdy


Ukrainanyň harbylary, Artemýewsk şäheriniň golaýynda, 19-njy fewral, 2015.
Ukrainanyň harbylary, Artemýewsk şäheriniň golaýynda, 19-njy fewral, 2015.

Kiýew, gündogar Ukrainada güýçli söweşlerden soň hökümet güýçleriniň strategik Debaltsewe şäherini terk etmeginiň yzysüre, ok atyşygy bes etmek barada ylalaşygyň durmuşa geçirilmegine BMG-niň ygtyýarnamasyna eýe bolan parahatçylygy goraýjylary çagyrdy.

Prezident Petro Poroşenkonyň bu teklibi Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşi tarapyndan 18-nji fewralda agşam geçirilen adatdan daşary maslahatda makullandy. Poroşenko BMG-niň parahatçylygy goraýjy missiýasynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mandatyna görä hereket etjekdigini aýtdy.

Poroşenko “Ýewropa Bileleşiginiň polisiýa missiýasy iň gowy format bolup bilerdi” diýdi. Ol bu güýjüň “howpsuzlyga iň netijeli we gowy kepil geçip biljekdigini” belledi.

Gapma-garşylyk

Bu çagyryşy goldap-goldamazlyk boýunça orsýetçi separatistler tarapyndan gapma-garşylykly beýannamalar edildi.

Orsýetiň RIA täzelikler agentligi, Donetsk regionyndaky gozgalaňçylaryň lideri Denis Puşiline salgylanmak bilen, parahatçylygy goraýjylaryň bu ýerde bolmagynyň geçen hepdede Minskde gelnen ýaraşygy “bozýandygyny” habar berdi.

Emma öz-özüni jar eden Donetsk halk respublikasynyň “goranmak ministri” Eduard Basurin “Eger olar parahatçylyk goraýjylary çagyrjak bolsalar, goý, etsinler. Biz garşy däl” diýdi.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin Petro Poroşenkonyň teklibiniň Ukrainanyň Minsk ylalaşygyny ýerine ýetirmegini şübhe astynda goýýandygyny aýtdy.

“Eger kimdir biri gol çekenini berjaý etmegiň ýerine täze bir şerti teklip etmek ýaly zatlary etse, bu onuň Minsk ylalaşygyny bozmak isleýändigini aňladýar” diýip, RIA agentligi Çurkine salgylanyp, habar berýär.

Ylalaşygyň şertleri

Minsk ylalaşygy 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 5 600-den gowrak adamyň wepat bolmagyna getiren konfliktiň soňuna çykmak maksadyna gönükdirilýär. Ylalaşyga laýyklykda taraplaryň ikisi-de 15-nji fewraldan başlap, ýaragyny taşlap, front liniýasyndan agyr ýaraglaryny yza çekmeli.

Gündogar Ukrainada ok atyşygyň bes edilmegine giňden syn edilýär we käbir agyr ýaraglaryň iki tarapdan hem yza çekilendigi habar berilýär.

Emma gozgalaňçylar Minsk ylalaşygyndan soň hem Debaltsewe, ýagny separatistleriň elindäki Donetsk we Lugansk şäherleriniň transport çatrygy bolan şähere öz basyşlaryny dowam etdirýärler.

Ukrainanyň harby metbugat wekili Anatoliý Stelmakh soňky günüň dowamynda gozgalaňçylaryň hökümetiň gözegçiligindäki Şyrokinedäki pozisiýalarynyň agyr ýaraglardan oka tutulandygyny habar berdi.

Prezident Petro Poroşenko 2 500 hökümet harbysynyň 18-nji we 19-njy fewralda Debaltseweden yza çekilendigini aýtdy. Poroşenko “goşunlaryň yza çekilmegi planlaşdyrylanda we guramalaşdyrylanda”, alty esgeriň wepat bolandygyny we 100 çemesiniň ýaralanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG