Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: agyr ýaraglar çekilýär


Ukrain harbylary we orsýetçi separatistler, ýaraşyk şertnamasynyň talaplaryna laýyklykda, front liniýasyndaky agyr ýaraglary yza çekmek barada ylalaşyga geldi.

Ukrain goşunynyň sözçüsi Petro Kanonik ýarag çykarmagyň iki hepdelik prosesi 22-nji fewraldan başlanýar diýdi.

Pitneçileriň elindäki Donetskde bolsa, uly separatist komandiri Edurad Basurin pitneçileriň gelýän iki hepdede ýarag çykarmagy tamamlamak baradaky buýruga gol çekendiklerini aýtdy.

Germaniýa bilen Fransiýanyň araçylyk etmeginde baglaşylan we 15-nji fewraldan güýje giren ýaraşykda ýarag çykarmagyň 17-nji fewralda başlanyp, 3-nji martda tamamlanmalydygy aýdylypdy.

Emma bu iş strategik şäher Debaltsewedäki söweşler sebäpli gijikdi we hökümet güýçleri ol ýerden 18-nji fewralda çekildi.

Häzirki habarlar Ukraina bilen separatistler 21-nji fewralda 191 ýesiri alyş-çalyş edenlerinden soň ýaýrady.

XS
SM
MD
LG