Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsow işi boýunça iki adam tutuldy


Rus oppozision syýasatçysy Boris Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda iki adam tussag edildi.

Federal howpsuzlyk gullugynyň direktory Aleksandr Bortnikow 7-nji martda «Kanal Bire» Anzor Kubaşew bilen Zaur Dadaýewiň bu jenaýaty amala aşyrmakda güman edilip, tussag astyna alnandygyny aýtdy.

Ol güman edilýänleriň kawkaz sebitiniň ýaşaýjylarydygyny hem sözüne goşdy. Bortnikow bu tussag etme barada prezident Wlidmir Putine hem habar berlendigini, derňewiň dowam edýändigini sözüne goşdy.

55 ýaşyndaky Nemtsow, ozalky wise-premýer, Orsýetiň prezidenti Putiniň we Ukraianadaky urşuň berk tankytçysy bolupdy.

Ol 27-nji fewral gijesi Kremliň alkymynda arkasyndan atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG