Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Nemtsowy öldürmekde iki adam aýyplanýar


Moskwanyň sudunda Boris Nemtsowy öldürmek bilen ilteşikli bäş şübheli görünen mahaly, rus oppozision wekilini öldürmäge gatnaşmakda iki adama aýyplama bildirildi.

Moskwanyň Basmanni etrap sudunyň metbugat wekili Anna Fadeýewanyň aýtmagyna görä, Zaur Dadaýew we Anzor Gubaşew “Boris Nemtsowy öldürmekde aýyplanýarlar we tussaglaryň beýleki üç sanysy heniz hem şübheli durumynda saklanyp galýar”.

Rus metbugat serişdeleriniň kazy Nataliýa Muşnikowa salgylanyp berýän maglumatyna görä, Dadaýew derňewçilere özüniň Nemtsowyň öldürilmegine gatnaşandygyny aýdypdyr.

Moskwanyň sudy asly Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionyndan bolan bäş adamyň aprel aýynyň 28-ne çenli tussaghanada saklanylmalydygy barada karar çykardy.

XS
SM
MD
LG