Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garkyn wakasyna "hökümet jogapkär"


Howpsuzlyk güýçleriniň ok atmagy netijesinde 4 adam wepat boldy
Howpsuzlyk güýçleriniň ok atmagy netijesinde 4 adam wepat boldy

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Garkyn etrabynda 16-njy martda geçirilen protestde ölen adamlaryň sany 5-e ýetdi. Bu waka Türkmenistan bilen aralykdaky Amyderýada ýerleşýän we eýeçiligi jedelli bolan ada bilen baglanyşykly geçirilen protestçilere howpsuzlyk güýçleriniň ok atmagy netijesinde bolupdy.

Garkynyň ýaşaýjylary derýanyň obany opurmagy netijesinde dörändigini aýdýan şol adanyň özlerine degişlidigini aýdyp, ýyllaryň dowamynda adadan peýdalanyp gelýärler, emma soňky döwür Türkmenistan adada sim dikip hemem Garkynyň ilatyna ada barmaga rugsat etmeýär.

Bu ýagdaýya ünsi çekmek üçin Garkynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi 16-njy martda etrap häkimliginiň öňüne jemlenişýär, şol pursatda howpsuzlyk güýçleriniň ok atmagy netijesinde 4 adam wepat bolýar, ýaralylardan ýene biriniň hem aradan çykandygy barada maglumatlar gowuşýýar.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymmerdanguly Myrady Garkynda bolan waka bilen bagly etrabyň welaýat mejlisi boýunça deputaty Amanylla Şerifi bilen söhbetdeş bolup, şol waka barada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:40 0:00

XS
SM
MD
LG