Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amyderýanyň gaýrasyndaky gara baýdak


Siriýa, YD söweşijisi baýdak galgadýar.
Siriýa, YD söweşijisi baýdak galgadýar.

Soňky döwürler Siriýada we soňy bilen Yraga hem ornaşan “Yslam döwleti” diýilýän, ýerli dilde "DAEŞ" ady bilen hem tanalýan söweşiji toparyň agzalarynyň Owganystanda peýda bolup başlandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Owgan resmileri bu baradaky habarlary ençeme aýlap inkär edip gelseler-de, soňky döwür bu meselede aladaly gürrüňler barha köp eşidilýär.

16-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen ýygnakda hem bu barada ýörite durlup geçilip, agzalýan geňeşdäki Orsýetiň ilçisiniň orunbasary Wladimir Safronkow, şol söweşijileriň Owganystanyň demirgazygyna ornaşandygyny aýdyp, alada bildirdi.

Bu wakalaryň fonunda Azatlyk Radiosy ýörite gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny edil şu tema bagyşlap, gürrüňi edilýän şol toparyň demirgazyk Owganystana aralaşmagy, olaryň arasyna merkezi aziýaly jeňçileriň goşulmagy hemem şol toparyň mundan beýläk göz öňünde tutýan maksatlary barada giňiş gürüň etdi.

Programma Owganystanyň milli mejlisiniň deputatlary Şukriya Barakzaý, Nahit Fareed, düýbi Kabulda ýerleşýän Owganystanyň Analitiki Ulgamy atly edaranyň başlygynyň orunbasary Thomas Ruttig, demirgazykda söweşijilere garşy göreş alyp barýan meýdan kommandirleri hemem Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy Bruce Pannier dagy gatnaşýarlar.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Amyderýanyň gaýrasyndaky gara baýdak
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG