Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan resmileri Obama çagyryş etdi


Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň agzalary prezident Barak Obamany, I Jahan urşy döwründe Osman imperiýasynyň esgerleri tarapyndan ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini genosid diýip ykrar etmäge çagyryş edýän rezolýusiýany hödürlediler.

“Ermeni genosidiniň hakykaty we adalat” atly rezolýusiýa 40 sany Respublikan we Demokratik kanunçykaryjylar tarapyndan goldanylýar.

Bu rezolýusiýada “Türkiýe respublikasynyň ermenileriň genosid edilmegi baradaky faktlary we onuň dowam edýän netijelerine doly ykrar etmegini gazanmak arkaly”, Obamany ermeni-türk gatnaşyklarynyň gowulaşmagyna we durnuklylaşmagyna kömek etmäge çagyryş edilýär.

Aradan bir asyr geçensoň, bu dawa Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynly galmagyna sebäp bolýar.

XS
SM
MD
LG