Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende 137 adam öldürildi


Ýemeniň şaýy metjitleriniň ikisinde, janyndan geçen bombaçylaryň hüjümi netijesinde, azyndan 137 adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Ýemeniň şaýy pitneçileri tarapyndan işledilýän telewideniýe 20-nji martda paýtagt Saanada bolan hüjümlerde 345 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Ýaraly bolanlaryň onlarçasynyň halynyň agyrdygy aýdylýar.

Bu iki metjit geçen ýyl paýtagtyň köp bölegini ele geçiren Huti pitneçileriniň köp barýan ýeri diýip bilinýär.

XS
SM
MD
LG