Owganystanyň paýtagtynda 23-nji martda ýüzlerçe adam protest ýörişini geçirip, Gurhany otlamakda güman edilip, köpçüligiň öňünde öldürilen owgan zenanynyň sütemkärlerini jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.
Dini mekdebiň okuwçysy bolan Farhunda ady bilen tanalýan 27 ýaşly zenan 19-njy martda Kabulyň meşhur metjidiniň öňünde üýşen adamlar tarapyndan ýenjilip öldürildi, yz ýany onuň jesedi oda ýakyldy we Kabul derýasyna zyňyldy.
"Günäsi" tassyklanmady
Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli resmisi Mohammad Zahir zenanyň “Gurhany otlandygy barada öňe sürülýän çaklamalary tassyklap biljek” subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.
23-nji martda içeri işler ministri Noorulhak Ulumi ”zenana garşy aýyplamalaryň tutuşlygyna nädogrudygyny” aýtdy.
“Farhunda dinçi gyzdy, onuň Gurhanyň otlanmagyna gatnaşygy ýok, ol bigünä” diýip, Ulumi aýtdy.
Kabulda protestçiler metjidiň daşyndaky ýoly beklediler we derýanyň kenaryndan geçýän ýoldan, ýagny Farhunda garşy hüjümiň başlanan ýerinden onuň jesediniň otlanan ýerine çenli pyýada ýöräp geçdiler.
Zenanlaryň ençemesi öz ýüzlerine Farhundanyň gana boýalan ýüzüni şekillendirýän maskalary geýip çykdy. Bu surat sosial mediada giňden ýaýrady.
Ýörişe gatnaşan Maliha Arghawan “hiç bir anyk esas bolmazdan, märekäniň adama topulyp, ony öldürmeginiň” özüni hopukdyrandygyny aýtdy. “Biz hökümetden we polisiýadan şeýle wakanyň näme üçin bolandygyny soraýarys we biz ony goramak we ...adalaty talap etmek üçin bu ýere geldik” diýip, Maliha sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýene bir protestçi Zohrullah Rahmani “Men şeýle ganhorçylykly işi berk tankyt edýärin we ony wagşyçylyk hem ahlaksyzlyk hasap edýärin” diýdi.
Farhunda 22-nji martda Kabulda jaýlandy. Onuň tabydyny öwlüýäde depin edilen ýerine aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny goraýjy aktiwistler alyp bardylar.
Aýallary goramak talap edilýär
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Farhundanyň öldürilmegini “nejis hüjüm” diýip atlandyrdy we bu ugurdan berk derňew geçirmegi tabdyrdy.
Polisiýa Farhundanyň ölümine gatnaşygy bar diýlip güman edilýän 13 adamyny tussag edendigini habar berdi.
Aktiwistler has köp demonstrasiýa geçirjekdiklerini aýdýarlar we jemgyýetiň dürli gatlaklaryndaky aýallaryň hukuklaryny kepil geçmek we olary zorlukdan goramak üçin häkimiýetlere basyşlary güýçlendirmegi planlaşdyrýandyklaryny aýdýarlar.
Gurhany otlamak bilen bagly aýyplamalar Owganystanda öň hem zorluklary tutaşdyrypdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.