Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat maýyplaryň ýagdaýy barada hasabat berer


Birleşen Milletler Guramasynyň Maýyplaryň hukuklary boýunça komitetiniň (CRPD) 1-2-nji aprelde geçirjek ýygnagynda türkmen häkimiýetleri Türkmenistandaky maýyplaryň ýagdaýy barada hasabat berer.

BMG-niň Maýyp adamlaryň hukuklary boýunça komitetiniň 18 garaşsyz halkara ekspertden ybarat topary Türkmenistandaky maýyplaryň ýagdaýy barada Türkmen hökümetiniň delegasiýasynyň berjek hasabatyny diňlär. Şol bir wagtyň özünde bu ýygnakda maýyplaryň hukuklaryny goraýan guramalaryň, döwlete degişli däl guramalaryň we maýyplara wekilçilik edýän beýleki guramalaryň hödürleýän hasabatlaryna hem serediler.

Türkmenistan BMG-niň Maýyplaryň hukuklary boýunça konwensiýasyna gol goýan 153 ýurduň biri bolup, onda türkmen hökümetinden bu konwensiýanyň berjaý edilişi barada yzygiderli hasabat bermek soralýar.

XS
SM
MD
LG