Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Merkezi Aziýada hukuklary wagyz eder


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Anthony Blinken
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Anthony Blinken

Döwlet sekretarynyň orunbasary Anthony Blinken Birleşen Ştatlar Orsýet, Hytaý, Owganystan we Eýran aralygynda ýerleşýän strategiki region bolan Merkezi Aziýada «metbugat azatlygyny we has açyk syýasy sistemalary wagyz etmegini dowam etdirer» diýýär.

Blinken 31-nji martda, ABŞ-nyň Merkezi Aziýa strategiýasy baradaky synyndan soň, Brukiňs ylmy-barlag institutynda çykyş edip, Birleşen Ştatlar öz syýasy ýa dini garaýyşlaryny parahatçylykly görnüşde beýan etmek hukuklaryny ulanandyklary üçin türmä basylan adamlary azat etmeklige hem çagyrýar diýdi.

Blinken özüniň Stambuldan Şanhaýa çenli aralykda ykdysady köpri bolup hereket edip biljek, Amerikanyň öz bizneslerine, tehnologiýalaryna we innowasiýalaryna düýp tutmaga şert döretjek «ägirt uly mümkinçiligi bolan sebit» baradaky syýasy garaýşyň bir bölegini beýan edýändigini aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlaryň regiona çemeleşmesi ABŞ-nyň öz howpsuzlyk ideýasynyň bir bölegine, ýagny «has durnukly, has howpsuz, terrorizme we zorlukly ekstremizme garşy durýan global tagallalara goşant goşýan Merkezi Aziýa ideýasyna esaslanar» diýdi.

Hökümetleriň raýatlaryna hasabat bermegi

Bu hili durnuklylyk «Merkezi Aziýa döwletleri özygtyýarly, garaşsyz ýurtlar hökmünde berkleşen, öz serhetlerini doly goramaga ukyply bolan, biri-biri we Aziýanyň indi döreýän ykdysadyýetleri bilen gowy gatnaşyk gurup bilen we hökümetleriň öz raýatlaryna hasabat bermeginden peýda tapan ýagdaýynda gowy gazanylyp biler» diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň uly derejeli resmileri hemişe özleriniň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleri bilen gepleşikler mahalynda adam hukuklary meselesini gozgaýandyklaryny we deňagramly çemeleşmäniň zerurdygyny nygtaýandyklaryny aýdýarlar.

Hukuk goraýjylar Birleşen Ştatlary Faust ylalaşygyny baglaşmakda we netijede terrorizme garşy göreş we beýleki howpsuzlyk meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin adam hukuklary aladalaryny gözden salmakda aýyplaýarlar.

Blinken Waşingtonyň sebitde söwdany ösdürmek, şol sanda «Täze ýüpek ýoly» inisiatiwasynyň üsti bilen edýän tagallalaryny agzap, Birleşen Ştatlaryň bu ugurdaky aladalarynyň Hytaýyň Merkezi Aziýa sebitiniň infrastrukturasyny ösdürmek üçin dökýän milliardlap dollarynyň gapdalyndan birazajyk goşmaçadygy baradaky garaýşyny gaýtalady.

“Biz Hytaýyň Merkezi Aziýa sebitine gatnaşygyna deňeçerlik hökmünde garamaýarys” diýip, ol aýtdy.

Blinken Birleşen Ştatlaryň regiondaky hökümetleriň özbaşdak ykdysady we daşary syýasat alyp barmak hukuklaryny goldaýandygyny nygtady.

Ol Orsýetiň öz gyrak-bujaklarynda edýän hereketlerini, şol sanda Ukrainanyň territorial bütewiligini we özygtyýarlylygyny bozmagyny ýazgardy hem-de Merkezi Aziýa hökümetleri Orsýetden abanýan howp-hatarlara indi ozalka garanda gowy düşünip başladylar diýdi.

Blinken Merkezi Aziýa döwletleriniň indi Orsýetiň ykdysady gowuşgynsyzlyklaryny hem gowy duýup başlandyklaryny aýtdy.

Nebit bahalarynyň aşak gaçmagy we Kremliň Ukraina gatyşmasy sebäpli girizilen Günbatar sanksiýalary Merkezi Aziýa döwletlerine hem öz täsirini ýetirdi.

Rublyň hümmetiniň düýpli kemelmegi geçen ýyl Orsýetde işleýän merkezi aziýaly migrantlaryň öýlerine iberýän pullaryna hem zarba urdy we ýerli önüm öndürijileri has arzan rus harytlaryna garşy bäsleşige çykmaga mejbur etdi.

«Sabyrlylyk» diplomatiýasy

Blinken bu sözleri ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça orunbasary Riçarrd Hogland (Richard Hoagland) 30-njy martda Waşingtondaky Jorjtown uniwersitetinde eden çykyşynda Merkezi Aziýada adam hukuklary ýaly pudaklardaky ýagdaýy gowulandyrmakda sanksiýalara, tankytlap utandyrmalara garanda, «sabyrlylyk» diplomatiýasy has netijeli diýeninden soň aýtdy.

Merkezi Aziýanyň bäş döwleti hukuk goraýjy guramalar we Günbatar resmileri tarapyndan adam hukuklaryny bozmakda tankyt edilýär.

Hogland Waşingtonyň Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigini, emma bu işe sebitdäki adam hukuklary ýagdaýyny gowulandyrmak meselesinde netijeli özgerişligiň kyn boljagyna we uzak möhletli hyzmatdaşlygy talap edýänine gowy düşünmek esasynda çemeleşýändigini belledi.

“Progres haýallyk bilen amala aşýar, biz her bir hökümeti reformalaryň olaryň öz milli bähbitlerine gabat gelýändigine ynandyrmaly» diýip, ol aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG