Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Söweşiji diýlip güman edilýän iki adam tussag edildi


Russiýanyň iň uly ikinji şäherindäki howpsuzlyk resmileri şäherde gadagan edilen yslamçy guramanyň agzasy diýlip güman edilýän iki adamyň tussag edilendigini habar berýärler.

Sank-Peterburg şäherindäki federal howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň 2-nji aprelde beren maglumatyna görä, ady köpçülige mälim edilmeýän iki rus raýaty “Hizb ut-Tahrir” toparynyň gürrüňi gidýän şäherdäki bölümine ýolbaşçylyk etmekde güman edilýär.

Gürrüňi gidýän iki adam terrorçylykly topary guramalaşdyrmak we terrorçylykly guramanyň işlerine gatnaşmak aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Hizb ut-Tahrir” topary düýbi Londanda ýerleşýän sünni syýasy gurama bolup, bu gurama ähli musulman ýurtlaryny bir Yslam halyfatyna birleşdirmäge synanyşýar.

Bu gurama Merkezi Aziýadaky öňki sowet respublikalarynda hem gadagan edilendir.

XS
SM
MD
LG