Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro ylalaşygy dürli reaksiýa döretdi


Eýranlylar ýadro ylalaşygyny dabaralaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Eýranlylar ýadro ylalaşygyny dabaralaýar

Eýran we dünýäniň iň täsirli alty döwleti, ABŞ-nyň aýdyşyça, Eýranyň ýadro ýaragyny döretmegi üçin “ähli ýollary” böwetleýän esasy ylalaşygyň “esasy parametrleri” boýunça ylalaşyga geldiler.

Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde sekiz günüň we dokuz gijäniň dowamynda geçirilen berk gepleşikleriň yz ýany, 2-nji aprelde yglan edilen bu deslapky ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasyna çäklendirmeleri girizýär. Oňa derek, Eýranyň ykdysadyýetine zarba uran we onuň Günbatara bilen gatnaşyklaryny has dartgynlaşdyran, ABŞ-nyň, ÝB-niň we BMG-niň sanksiýalary gowşadylýar.

Bu Eýranyň ýadro programmasynyň daşynda iki onýyllykdan gowrak wagt bäri dowam eden dartgynlylykdan soň dünýä ýurtlarynyň çözgüde golaýlaşmagyna getirdi. Tähran öz programmasynyň parahatçylyklydygyny aýdypdy, Günbatar hökümetleri we ysraýyl Eýranyň ýadro bombasyny döretmeginden howatyrlanýardylar.

Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň we Germaniýanyň arasynda möhleti 30-njy iýuna çenli diýlip kesgitlenen wagtyň içinde geleşigiň detallaryny ylalaşmak we gutarnykly görnüşini tassyklamak üçin üç aý wagt bar.

Ysraýyl ylalaşyga garşy

Ysraýyl Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça deslapky ylalaşygy “örän, örän howply ugurdan ädim” diýip atlandyrdy.​

3-nji aprelde Ysraýylyň hökümetiniň metbugat wekili Mark Regew ylalaşygyň aňyrsyndaky “ýeke-täk maksat ýadro ýaragyny döretmekdir we, gynansak-da, deslapky ylalaşyk bu tagallalar üçin kanuny esasy, halkara derejesinde kanuny esas döredýär” diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama mundan öň Ysraýylyň premýer-ministri bilen telefon arkaly gepleşiginde Benjamin Netanýahu ylalaşyga garşy çykyş etdi we hiç bir ylalaşygyň Eýranyň ýadro ýaragyny döretmeginiň öňüni almak üçin ýeterlik däldigini duýdurdy.

Ak tamyň maglumatyna görä, Obama ylalaşygyň Eýranyň ýadro ýaragyna barýan ýollarynyň ählisini kesýän berk karara tarap bolan uly öňegidişlikdigini Netanýahua aýdypdyr.

Obama Eýran bilen ylalaşygy makullady
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:02 0:00

Obama 2-nji aprelde Waşingtonda eden çykyşynda “Biziň işimiz entek tamamlananok. Ylalaşyk entek baglaşylanok. Häzirden başlap, iýunyň aýagyna çenli gepleşik geçirýänler deslapky ylalaşygyň doly durmuşa geçirilmeginiň we beýleki detallaryň ugrunda öz işini dowam etdirerler” diýdi.

Şeýle-de Obamanyň ýadro meselesi ugrundaky üstünlikleriň “Eýranyň terrorizmi we Ysraýyla salýan howplary” bilen bagly aladalanmalary gowşatmaýandygyny aýdandygyny Ak tam habar berdi.

Munuň öňüsyrasynda Netanýahu Twitterde çap eden maglumatynda Eýran bilen baglaşyljak islendik ylalaşygyň “Eýranyň ýadro ukybyny doly yza tesdirmelidigini” aýdypdy.

Tähranda dabara bilen garşy alyndy

Deslapky ylalaşygyň baglaşylmagy baradaky habar Tähranyň köçelerinde şatlykly dabaralandyryldy.

ISNA täzelikler agentliginiň maglumatyna görä, daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we onuň resmi topary Lozannadan gaýdyp gelende, Mehr Abad aeroportunda olary onlarça adam garşy alypdyr.

Jemlenen adamlaryň Zarifiň we Eýranyň ýadro meseleler boýunça gepleşik alyp baran wekili Abbas Araghçiniň adyny şygar edinip, goldaw bildirendiklerini aýtdy.

Emma Eýranyň baş ruhanysy Aýatolla Ali Hameneýiniň geňeşçisi Hossein Şariatmadari ylalaşygy berk tankyt etdi. Ol [gepleşigi geçirenler] “Eýranyň çapuwa taýýar atyny döwük uýana çalyşdylar” diýip, ýarym resmi ”Fars” habar agentligine bu ylalaşyga öz garaýşyny beýan etdi.

Sanksiýalary ýatyrmak şerti

3-nji aprelde Tähranda metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Zarif Eýranyň ýadro programmasynyň “dowam etdiriljekdigini” aýtdy we “biziň hiç bir kärhanamyz ýapylmaz” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Mohammad Jawad Zarif, 2-nji aprel, 2015
Mohammad Jawad Zarif, 2-nji aprel, 2015

Munuň öňüsyrasynda Lozannada eden çykyşynda Zarif Tähran we dünýäniň täsirli döwletleri henizem “biziň bolmak isleýän ýerimize ýetmekden biraz daşda” diýdi. Ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy sanksiýalary girizen rezolýusiýalarynyň deslapky ylalaşyga laýyklykda ýatyryljakdygyny aýtdy.

Emma ABŞ-nyň resmileriniň ýaýradan maglumatynda BMG-niň rezolýusiýalarynyň, diňe Eýranyň öz ýadro programmasy babatynda bildirilýän aladalanmalary aradan aýyrmak boýunça degerli çärleri gören ýagdaýynda, ýatyrylyp bilinjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG