Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YouTube saýty pully abunalygy ýola goýýar


YouTube saýty pully abunalyk ulgamyna geçýär.

Bu barada YouTube saýtyny ulanyjylara email üsti bilen täze kontrakt, şertnama ugratmak arkaly mälim edilýär.

YouTube saýtynda wideolara tomaşa edilýän mahaly käbir mahabatlar, ýagny reklamalar çykýar. Ulanyjy şol reklamalary geçmek üçin ýa-da olary ekrandan aýyrmak üçin 5 sekund garaşmaly bolýar.

YouTube saýty bu reklamalardan dynmak isleýän, ýagny, agzalýan saýtda wideolara tomaşa eden mahaly reklamalary görmek islemeýän ulanyjylar üçin pully abunalyk ulgamyny ýola goýmagy planlaşdyrýar. Munuň netijesinde ýyl-ýyldan artýan reklama girdejileri bilen birlikde, täze girdeji çeşmesi ýola goýuljak.

Aýlyk we ýyllyk abuna tölegini töleýän "Premium" ulanyjylar saýtda wideolara tomaşa eden mahaly, reklamalary görmezler we aýdym-saz ugurly "Music key" hyzmatyndan hem peýdalanyp bilerler.

YouTube-yň bu täze hyzmatyndan peýdalanmak üçin abunalyk ulgamy işe girizilen mahaly, ulanyjy "Creator Studio Dashboard"-dan düzgünleri çalyşmaly.

Käbir ekspertleriň çaklamalaryna görä, YouTube käbir wideolary diňe abunalyk tölegini töleýän ulanyjylara hödürlär.

YouTube-yň täze abunalyk ulgamynyň şu ýylyň soňuna çenli işe girizilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG