Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri aktiwistine 6 ýarym ýyl berildi


Azerbaýjanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal aktiwist, onuň syýasy maksatlydygyny adýan sud diňlenişiginden soň, 6 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

16-njy aprelde Bakuwyň Agyr jenaýatlar boýunça sudy Rasul Jafarowy salgyt galplyklarynda, bikanun biznes etmekde we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapdy.

Sud Jafarowyň işi boýunça höküm çykarandan soň, ol bu karary syýasy maksatly diýip atlandyrdy.

Jafarow Ýewropa oýunlarynyň öňýanynda, Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekmek üçin kampaniýa başlatmagy planlaşdyrýandygyny mälim edensoň, awgust aýynda tussag edildi. Gürrüňi gidýän Ýewropa oýunlary şu ýylyň iýun aýynda Azerbaýjanda geçirilýär.

Adam hukuklaryny goraýan halkara “ Amnesty International” guramasy Jafarowy wyždan ýesiri diýip ykrar etdi.

XS
SM
MD
LG