Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Sanksiýalar ýurdy 'bökdemäge' gönükdirilen


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýyllyk sorag-jogap ýygnagynda çykyş edýär. 16-njy aprel, 2015 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýyllyk sorag-jogap ýygnagynda çykyş edýär. 16-njy aprel, 2015 ý.

Rus prezidenti Wladimir Putin Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalarynyň Russiýany çäklendirmäge gönükdirilendigini aýdyp, Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlar we beýleki döwletler tarapyndan girizilen jeza beriji çäreleriň Moskwanyň Ukrain krizisindäki we konfliktindäki roly bahanalanyp güýje girizilendigini öňe sürdi.

Putin bu barada 16-njy aprelde döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezilen ýyllyk sorag-jogap çykyşynda belläp geçdi.

Rus prezidenti sanksiýalaryň Russiýany “bökdemegi” maksat edinýändigini aýdyp, olaryň ýakynda güýçden aýrylmajakdygyny çaklady.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar sanksiýalaryň Russiýanyň öz tutumyny üýtgetmegine gönükdirilendigini aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde Kiýew we Günbatar ýurtlary Russiýanyň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny bikanun anneksiýa edendigini we ukrain urşundaky separatistlere goldaw bermek üçin gündogar Ukraina goşun we ýarag ugradandygyny belleýärler.

Gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapdary separatistleriň arasyndaky konflikt zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 6 müňden gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG