Orsýetiň iki sany oppozision partiýasy 2016-njy ýylda geçjek parlament saýlawlaryndan öň birleşmäge razy boldy.
Öldürilen oppozisioner Boris Nemtsowyň döreden RPR-Parnas partiýasy bilen korrupsiýa garşy blogçy Alekseý Nawalnynyň "Progres" partiýasy bilelikdäki güýje öwrüler.
Olar 17-nji aprelde çap eden beýanatlarynda jemgyýetçilik we raýat güýçlerini ýalançylyga, korrupsiýa, agressiýa, ykdysady we raýat azatlyklarynyň basylyp ýatyrylmagyna garşy, ýurtda demokratik döwlet gurmak üçin umumy platformalarda birleşmäge çagyrdylar.