Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina: Harkiwde bomba partladyldy


Ukrainanyň häkimiýetleri ýurduň gündogaryndaky Harkiw şäheriniň merkezinde bombanyň partladylandygyny habar berýärler.

Bu, aglaba territoriýasy ukrain hökümetiniň kontrollygyndaky şähere edilen ençeme hüjümleriň iň soňkusydyr.

Ukrain hökümet güýçleri tarapyndan Donetskdäki separatistlere garşy harby operasiýalarda ulanylýan “Opel SUV” kysymly ulag 21-nji aprelde partladyldy.

Bu partlamanyň netijesinde golaý-goltumdaky binalaryň penjirelerine zeper ýetdi, ýöne wakada adam ýitgisiniň bolmandygy habar berilýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG