Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan: “Talybanyň” 47 agzasy öldürildi


Hökümet güýçleriniň "Talybana" garşy operasiýasynyň geçiren ýeri, Demirgazyk Waziristan, 2014.

Pakistanyň harbylary Demirgazyk Waziristan tire-taýpalar regionynda soňky iki günüň dowamynda amala aşyrylan howa zarbalarynyň netijesinde “Talybanyň” 47 söweşijisiniň öldürilendigini 23-nji aprelde aýtdylar.

Harbylaryň beýannamasyna görä, howadan edilen zarbalar “Talyban” gozgalaňçylarynyň galasy Datta Khel obasyna gönükdirilipdir.

Öldürilenleriň sanyny we şahsyýetini barlap bolmady, sebäbi Pakistanyň daglyk tire-taýpalar regionlary žurnalistler üçin elýeterli däl. Owganystan bilen serhetde ýerleşýän bu giňişlik geçmişde ABŞ-nyň sürüjisiz uçarlarynyň zarbalaryna sezewar edilipdi.

Soňky hüjüm Pakistanyň goşunynyň ýurtdaky “Talyban” hereketine garşy 2014-nji ýylyň iýun aýynda başlanan operasiýasynyň çäginde amala aşyryldy. Bu operasiýa “Talybanyň” we Özbegistanyň Yslam Hereketiniň Karaçiniň aeroportuna edilen hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne almagyndan soň başlanypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG