Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymly taryhça ýedi ýyl kesildi


Krymly taryhçy Oleksiý Çyrniý terrorizm bilen baglanyşykda aýyplanyp, Orsýetde ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz boýunça regional sudy 21-nji aprelde Çyrniýy Krymyň paýtagty Simferopolda birnäçe terrorçylykly hüjümleri planlaşdyrmakda günäli tapdy we şol günüň özünde ony tussag astyna aldy. Çyrniý derňewçilere boýun bolup, günäni boýun aldy.

Çyrniý ukrainaly kinorežissýor Oleh Sentsow we aktiwistler Oleksandr Kolçenko hem Hennadiý Afanasýew bilen bilelikde 2014-nji ýylyň maý aýynda Krymda, Orsýetiň gapma-garşylykly referendum geçirip, ýarymadany anneksiýa etmeginiň yzýany tussag edilipdi.

Derňewçiler bilen ylalaşyp, özüni günäli diýip yglan eden Afanasýew dekabr aýynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Sentsow we Kolçenko häzirki wagtda Moskwanyň deslapky tussaghanasynda suda garaşýarlar. Olar aýyplamalary ret edýärler. Günäli hasaplanan ýagdaýynda olara 20 ýyl türme tussaglygy garaşýar.

XS
SM
MD
LG