Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Türkmen halyçylarynyň hukuk göreşi


Türkmen halyçylygynda we onuň söwdasynda etniki türkmenler öz hünärleri bilen tanalýarlar.
Türkmen halyçylygynda we onuň söwdasynda etniki türkmenler öz hünärleri bilen tanalýarlar.

Bilinşi ýaly "türkmen halysy" diýlende ilki bilen dürli ýurtlarda haly täjirligi bilen meşgullanýan etniki türkmenler ýada düşýär. Turistik sebitlerde satylýan türkmen halylary Owganystan, Pakistan we Türkiýedäki etniki türkmenleriň üsti bilen dünýä ýaýraýar.

Türkmen halyçylygynda we onuň söwdasynda bolsa Türkmenistandan Owganystana ol ýerdenem Pakistan, Arap ýurtlary hem Türkiýe ýaly ýurtlara göçen etniki türkmenler öz hünärleri bilen öňe saýlanýar. Halyçylyk olaryň durmuşdaky esasy kesp käri hem esasy güzeran çeşmesi bolup durýar.
Häzirki döwürde Türkiýede haly täjirligi bilen meşgullanýan etniki türkmenler ýurtda galdyrylan gümrük salgytlary bilen göreşýärler.

Aýdylşyna görä, Türkiýede daşary ýurtlardan getirilýän halylaryň gümrük salgytlary gaty ýokarlansoň halyçylyk bilen meşgullanýan etniki türkmenleriň bir bölegi öz kesp-kärini üýtgetmekligi saýlap alan bolsa, ýene bir bölegi gümrük bahalarynyň "adalatly" ýagdaýa getirilmegi üçin jemgiýetçilik guramalary bilen bilelikde hukuk göreşini alyp barýar. Türkmen halyçylaryň jemgyýetçilik tagallalarynyň netijesinde türk hökümeti haly salgytlaryny biraz peseltdi diýlen maglumat hem bar.

Eýsem, häzirki ýagdaýda Türkiýede halyçylyk bilen meşgullanýan etniki türkmenler üýtgeýän gümrük düzgünleri sebäňli nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Olaryň käbirini türkmeniň halyçylyk kesbini taşlamaga mejbur edýän sebäpler näme? Türkiýede halyçylyk üçin oňaýly şertleriň döredilmegi babatda hukuk göreşini alyp barýan türkmen täjirler nähili maksatlary göz öňünde tutýarlar we bu ugurda nähili sepgitlere ýetdiler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Türkiýede üýtgeýän kanunlaryň türkmen haly täjirleriniň durmuşyna ýetirýän täsirlerini ele alýar. Hemmeleri bu temadaky gepleşige gatnaşmaga, şeýle-de aşakdaky foruma teswir galdyrmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin biziň elektronik hat salgymyz: hat@azatradio.org

XS
SM
MD
LG