Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda BMG-niň işgäri alnyp gaçyldy


Yragyň gündogaryndaky Diýala welaýatynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýerli işgäri ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gaçyldy.

BMG-niň metbugat wekili Eliana Nabaanyň 28-nji aprelde beren maglumatyna görä, guramanyň işgäri gürrüňi gidýän welaýatyň paýtagty Bakoubadaky hökümet binasynyň golaýynda alnyp gaçylypdyr.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýerli howpsuzlyk resmisi The Associated Press habar gullugyna beren maglumatynda BMG-niň işgäriniň zor bilen ulagdan çykarylyp, gündiz wagty alnyp gaçylandygyny aýtdy.

Alnyp gaçylan işgäriň doganynyň aýtmagyna görä, maşgalasyndan onuň boşadylmagy üçin 100 müň amerikan dollary möçberinde girew tölemeklik soralýar.

Yrakda adamlaryň pul ýa-da syýasy maksatlar üçin alnyp gaçylmagy giňden ýaýrandyr.

XS
SM
MD
LG