Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko uruş howpy barada duýdurýar


Ukrainanyň prezident Petro Poroşenko ÝB-niň resmileri bilen duşuşygynyň yzýany, 27-nji aprel, 2015.
Ukrainanyň prezident Petro Poroşenko ÝB-niň resmileri bilen duşuşygynyň yzýany, 27-nji aprel, 2015.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, ýurduň gündogarynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşygyň bozulmagy dowam edýärkä, Ukrainanyň “üstüne uruş howpunyň abanýandygyny” aýtdy.

Poroşenko 28-nji aprelde Kiýewde Ukraina boýunça geçýän halkara konferensiýasynda eden çykyşynda uruşy “güýçlenmekden” saklamak üçin ýurduň kömege we “raýdaşlyga”, şeýle-de orsýetçi separatistleriň gozegçiligindäki Donbass regionyndaky ýagdaýyň çözülmegine mätäçdigini aýtdy.

Poroşenko “Konferensiýa öz öňünde Ukraina berilýän ýardamy sazlaşdyrmak we güýçlendirmek maksadyny goýýar, siziň bärde bolmagyňyz meniň özüm we tutuş ýurt tarapyndan örän islenilýär. Siziň raýdaşlygyňyz häzirki kynçlyklary çözmek üçin, şeýle-de gelejek üçin wajypdyr, biz ony doly integrirlenen, ykdysady taýdan çeýe we netijeli Ýewropa ýurtlarynyň maşgalasynyň agzasy hökmünde görýäris” diýdi.

Hökümet güýçleriniň gozgalaňçylara garşy göreşiniň dowamynda regionda 6 100-den gowrak adam wepat boldy.

Täze söweşler

Poroşenkonyň bu çykyşy harby resmileriň ok atyşygy bes etmek barada fewral aýynda Minskde gelnen ylalaşykda gadagan edilen raketa atyjy ýaraglaryň separatistler tarapyndan ulanylyp başlanmagy barada habar bermeginiň yzysüre edildi.

Harbylar 28-nji aprelde eden beýannamasynda gozgalaňçylaryň agşam ukrain goşunynyň Awdiýewkadaky pozisiýalaryna garşy Grad sistemasyny ulanandygyny aýtdylar. Harby häkimiýetler gündogar Ukrainada 24 sagadyň dowamynda bir esgeriň öldürilendigini we 14 esgeriň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ukrainanyň Donetsk regionyna gözegçilik edýän separatistleriň harbylarynyň öz-özüni jar eden wekili Eduard Basurin öz tarapyndan ukrain goşunlaryny ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy ençeme sapar bozmakda aýyplady.

ÝHHG-niň jogapkärçiligi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy özüniň 28-nji aprelde Ukrainanyň günorta-gündogarynda eden beýannamasynda gozgalaňçy söweşijileriň öz elindäki giňişliklere, Şyrokine şäheriniň golaýyna ÝHHG-niň gözegçilerini goýbermekden üç gezek yzly-yzyna boýun gaçyrandyklaryny aýtdy.

Ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň berjaý edilmeginiň jogapkärçiligi ÝHHG-ä degişli.

ÝHHG 26-njy aprelde Şyrokinede ok atyşygy bes etmek barada ylalaşygyň güýje gireli bäri iki aýa golaý wagtyň dowamynda iň güýçli söweşleriň hasaba alnandygyny habar berdi.

Bu kiçijik şäher Ukrainanyň strategiki taýdan ähmiýetli Mariupol portundan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

ÝHHG 26-njy aprelde Şyrokinedäki söweşlerde ylalaşykda gadagan edilen onlarça tank zarbalarynyň, şeýle-de beýleki ýaraglardan edilen ençeme zarbanyň görlendigini aýtdy.

Ak Tamyň reaksiýasy

28-nji aprelde Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jeff Rathke Moskwanyň ýaňy-ýakynda howadan goranyş sistemalarynyň has köpüsini gündogar Ukrainada, şol sanda front liniýasynda ýerleşdirendigini aýtdy.

ABŞ-nyň wise prezidenti Joe Biden Kiýewdäki wideo konferensiýasynda eden çykyşynda Orsýetiň Minsk ylalaşyklaryny doly berjaý edýänçä, Ukrainanyň Orsýet bilen ähli serhetlerine, şol sanda häzir gozgalaňçylaryň elindäki giňişliklerde gözegçiligi dikeldilýänçä Moskwa garşy ykdysady sanksiýalaryň saklanmalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG