Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Müňlerçe adam protest geçirdi


Eýranyň paýtagty Tähranda müňlerçe işçi “Maý gününde”, ýagny zähmetkeşleriň raýdaşlyk gününde protest çäresini geçirdi. Olar bu çärede has gowy iş şertleriniň döredilmegini talap edip, ýurtdaky iş orunlaryny eýeleýän daşary ýurtly işçilere garşy protest bildirdiler.

Eýranyň ýarymresmi “ILNA” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, demonstrantlar Tähranyň merkezindäki “Zähmetkeşleriň öýi” atly edaranyň golaýynda ýygnanypdyrlar. “Zähmetkeşleriň öýi” Eýranyň döwlet işgärleriniň bileleşigidir.

Protestdäki käbir plakatlarda: “Daşary ýurtly işçileri işe çekmeklik eýranlylary işsiz goýmagy aňladýar” diýlip ýazylypdyr.

Fransiýanyň “AFP” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Eýran ýurtdaky işçi güýjüniň 10%-den gowragynyň işsiz galmagyndan ejir çekýär.

XS
SM
MD
LG