Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus sudy 4 täjige höküm çykardy


Orsýetiň sudy dört täjigistanla gadagan edilen «Hizb-ut-Tahrir» ekstremist toparyna agza bolmakda aýyp bildirip, höküm çykardy.

Olar terror we ekstremizm aýyplamalary esasynda azyndan 8 ýyl türmede bolmaly. Nižniý Nowgorod şäheriniň sud resmileri 2-nji maýda sud edilenleriň şäheriň esasy söwda merkezine hüjüm etmek üçin partlaýjy maddalary edinendiklerini aýtdylar.

Sud dokumentlerine görä, iş kesilenleriň ikisi dogan. Ol dört adamyň ikisi sürüji bolup işlän bolsa, beýleki ikisi resmi taýdan işsiz diýlip görkezilýär. Olar 2012-nji ýylda tussag edilipdir.

XS
SM
MD
LG