Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif “emeli döredilen krizisi” çözmek isleýär


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tähranyň ýadro programmasy boýunça “emeli döredilen krizisi” çözmäge özüniň borçlydygyny aýdýar.

Zarif 4-nji maýda Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazan maglumatynda ykdysady sanksiýalary gowşatmak şerti bilen, Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada Tähran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda baglaşylan taslama ylalaşygyň “öňe tarap süýşýändigini” aýtdy.

Ýöne ol ylalaşyk baglaşylmazdan öň, “edilmeli agyr işleriň” hem saklanyp galýandygyny belledi.

Bu tweet Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri şeýle ylalaşyga garşylyk görkezýänleri ýazgaryp çykyş edenden iki gün soň paýlaşyldy.

XS
SM
MD
LG