Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Has köp çaknyşyklaryň bolandygy aýdylýar


Ukrainanyň harbysy soňky 24 sagadyň dowamynda bäş esgeriň öldürilendigini we başga-da 12 sanysynyň ýaralanandygyny habar berýär. Ukrain harbysynyň eden bu çykyşy ýurduň gündogarynda has köp çaknyşyklaryň bolandygy baradaky maglumatlar gelip gowşan mahalyna gabat geldi.

Ukrain harbysynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, gündogar Ukrainadaky Russiýa tarapdar separatistler ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy 42 gezek bozupdyrlar.

Şol bir wagtyň özünde Russiýa tarapdar separatistler, soňky 24 sagadyň dowamynda hökümet tanklarynyň gündogar Ukraina onlarça gezek ot açandygyny aýdýarlar.

Separatistler hökümetiň artilleriýa hüjümleriniň gündogar Ukrainadaky tebigy gazgeçirijisine zeper ýetirendigini, şeýle-de Donetskiň aeroportyna we oba jaýlaryna raketa hüjümleriniň edilendigini hem belleýärler.

XS
SM
MD
LG