Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gulsimo: "Adamym damagymy çaldy"


Surat çekýän aýal, Hyrat, 27-nji aprel, 2015
Surat çekýän aýal, Hyrat, 27-nji aprel, 2015

Ýaş zenan Gulsimonyň gürrüň bermegine görä, durmuş gurup ýaşaşyp başlandan bäş aý geçensoň, ol adamsynyň zulum-sütemine duçar bolupdyr. Şonda adamsy onyň damagyny çalmaga synanypdyr. Gulsimo häzir Kabuldaky Ibni Sina klinikasynda ýatyr.

Hekim ortitolog Hasanzaý Radio Ozodä beren maglumatynda Gulsimonyň Gazni diýen ýerden Kabuldaky klinika huşundan giden ýagdaýda getirilendigini aýdypdyr. Häzir ol zenan özüne gelipdir, ýöne gepläp bilmeýär. Hekim, Gulsimonyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagy üçin kärdeşleriniň elinden gelenini gaýgyrmaýandygyny nygtapdyr.

Şol bir wagtyň özünde, polis gullugynyň habar bermegine görä, bu hadysa bilen baglanşyklykda, Gulsimonyň adamsy tussag edilipdir.

Gulsimonyň maşgalasynyň aýtmagyna görä, ýaş zenan ençeme gezek öz adamsy tarapyndan urlup-ýenjilipdir, mertebesi peseldilip, ejir çekdirilipdir. Hatda adamsy bir gezek ony çüý iýmäge hem mejbur edipdir.

Owganystanyň adam hukuklary komissiýasy şeýle faktlary göz öňünde tutyp, aýyplanýan günäkär barada hökümetiň aýgytlaýjy çäre görmegine çagyryş edipdir. Edaranyň berýän maglumatyna görä, Owganystanda aýal maşgalalara edilýän zulumlar barha artýar.

2013-nji ýylyň ahyrynda Sirote atly ýaş owgan zenanynyň adamsy onuň burny bilen dodagyny kesipdir. 17 ýaşyndaky ol ýaşajyk zenan ondan öň toparlaýyn zorlama duçar edilen ekeni.

Başga bir wakada bolsa, Bagdis diýen ýerde ýaşaýan bir adam öz aýalyny atypdyr. Bagdis welaýat häkiminiň metbugat geňeşçisiniň Radio Ozodä beren maglumatyna görä, 30 ýaşyndaky zenan Kamarob diýen ýerde öz adamsy tarapyndan atylyp öldürilipdir. Adamsy soň jenaýat ýerinden gaçyp gidipdir.

Gulsikke hem edil şonuň ýaly, 2012-nji ýylda öz adamsynyň gurnan atuwy bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Ony entäk 13 ýaşyndaka durmuşa çykaran ekenler. Gulsikkiniň aýtmagyna görä, başlangyçdaky on gün onuň durmuşyndaky iň bagtly günleri bolupdyr. Soň bolsa äsgermezçilikler, urgylar hem zorluklar başlapdyr.

Gulsikkäniň aýtmagyna görä, ýedi ýylyň dowamynda çaga dogryp bilmändigi üçin adamsy ony atyp öldürmäge synanşypdyr.

XS
SM
MD
LG