Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin atalarymyza buýsanýarys diýýär


Orsýetiň paýtagty Moskwada 1941-45-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanan parada 16 müň esger gatnaşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýaran güýçlere, şol sanda Fransiýa, Britaniýa we Birleşen Ştatlara ýüzlenip, bu ýeňşe goşan goşantlary üçin sag bol aýtdy. Ol ýygnananlara ýüzlenip, şeýle diýdi:

«Şun gün, şu mukaddes ýubileý senesini bellemek bilen, biz nasizmiň üstünden gazanylan ýeňşiň nähili beýikdigine ýene bir gezek göz ýetirýäris. Biz hut öz ata-balarymyzyň bu gara güýji ysgyndan gaçyryp, öldürip bilendigine buýsanýarys» diýip, ol aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň we beýleki Günbatar ýurtlarynyň boýkotyna garamazdan, ýigrimi çemesi dünýä lideri 9-njy maýda II Jahan urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli guralýan uly parada gatnaşmak üçin Orsýete geldi.

Hasaplamalara görä, Sowet Soýuzy bu uruşda beýleki ýurtlara ganada has kän ýitgi çekdi, ýagny 26 million adam ýitirdi.

XS
SM
MD
LG