Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada prezident saýlanýar


Polşaly saýlawçylar prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda ses berýärler. Bu saýlaw iş başyndaky prezident Bronislaw Komarowskiý bilen onuň konserwatiw bäsdeşi Andrzej Dudany ikinji tapgyr bäsleşigine çykarar öýdülýär.

62 ýaşyndaky Komarowskiý berk milli howpsuzlyk kampaniýasyny gurnady, sebäbi saýlawçylar Polşa Orsýetiň Krymdan soňky indiki nyşanasyna öwrüler diýip alada galýarlar.

Polşada köp ygtyýar premýer-ministriň elinde jemlenen. Emma prezident Polşanyň ýaragly güýçleriniň başlygy bolup durýar.

Pikir soraşlyklar Komarowskiniň 40 prosent çemesi goldawynyň boljagyny görkezýär, Duda bolsa saýlawçylaryň 30 prosent töweregi goldaw bildirýär. Saýlawlaryň ikinji tapgyry 24-nji maýda geçirilmeli.

XS
SM
MD
LG