Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsar atyşygynda 5 adam öldi


Polisiýa demirgazyk Şweýsariýada 9-njy maýda bolan atyşykda 5 adamyň öldürilendigini aýdýar.

Zýurihiň golaýyndaky Wuerenlingen şäheriniň ýerli polisiýa başlygy Maýkl Leýutpold beýlekileri atan adamyň hem ölenleriň arasyndadygyny aýtdy.

“Pidalaryň hemmesi şweýsariýaly, biz terrorçy gümanyny aradan aýyrýarys” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Leýutpold atyjynyň 36 ýaşyndaky şweýsar bolandygyny aýtdy, emma onuň adyny aýtmady.

Ýerli media onuň polisiýa işgäridigini we üç çaganyň atasydygyny ýazýar.

XS
SM
MD
LG