Britan mediasynyň berýän maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji edarasy Ortaýer deňzinden Ýewropa gelýän müňlerçe bosgunyň ýaşaýyň jaý bilen üpjün edilmeginiň jogapkärçiligini bileleşige agza 28 döwletiň deň paýlaşmagyny teklip eder.
13-nji maýda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klod Ýunker (Jean-Claude Juncker) “hökmany migrant kwota sistemasyny” teklip eder, diýip “The Times” neşiri ýazýar.
Birleşen Milletler Guramasy şu ýyl Ortaýer deňzinden 60 müň çemesi adamyň eýýäm Ýewropa geçmäge synanyşandygyny aýdýar we olaryň 1 800-den gowragynyň deňizde heläk bolandygyny belleýär. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkezijiniň 20 esse artandygyny aňladýar.
Ýewropanyň her bir ýurdyna ugradyljak bosgunlaryň sany “täzeden paýlamak açary” diýlip atlandyrylýan sistema laýyklykda kesgitlener. Bu sistema her bir ýurduň Umumy içerki önüminiň (GDP) ösüşine, ilat sanyna, işsizlik derejesine we ýurtda kabul edilen öňki bosgunlaryň sanyna esaslanyp düzülýär.