Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Zamunlykdaky 19 hazara boşadyldy


Owganystanyň welaýat resmisi fewral aýynda alnyp gaçylan 19 etniki hazaranyň boşadylandygyny habar berýär.

Zabul welaýat geňeşiniň agzasy Ata Janyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän 19 hazara 11-nji maýda Gazny welaýatynyň Jaghori etrabynda 22 adam bilen alyş-çalyş edilipdir.

Beýleki bir ýerli resmi Asadullah Kakar alyş-çalyş edilen 22 adamyň daşary ýurtlydygyny, olaryň arasynda zenanlaryň we çagalaryň hem bardygyny aýdyp, olar hazaralary alyp gaçanlaryň maşgala agzasy bolmagy mümkin diýýär.

Kakaryň sözlerine görä, hazaralary alyp gaçanlar zamunlykda saklanylýan ýene 11 adamyň boşadylmagy üçin başga-da alty özbegiň özlerine tabşyrylmagyny sorapdyrlar.

Daşary ýurtlylaryň nädip owgan hökümetiniň türmesine ýerleşdirilendigi barada henize çenli takyk maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG