Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nepal: Ýitirim bolan dikuçar gözlenýär


Nepalyň harby güýçleri Birleşen Ştatlaryň deňiz pyýada goşunynyň ýitirim bolan dikuçaryny gözleýärler. Sekiz ýolagçyly bu dikuçary gözlemek çäreleri Nepalda soňky üç hepdäniň dowamynda bolan ikinji güýçli ýer titremeden bir gün soň geçirilýär.

Nepal geçen aý 7,8 bal derejesinde bolan pajygaly ýer titremäniň yzýany, gaýtadan dikelmäge çalyşýar. Şol ýer sarsgynynda 8 müňden gowrak adam heläk bolup, 20 müňe golaýy hem ýaralanypdy.

13-nji maýda Birleşen Ştatlaryň dikuçary deňiz pyýada goşunynyň alty agzasy we nepally iki esger bilen ýitirim bolan mahaly, 25-nji aprelde bolan ýer titremede güýçli sarsylan ýerleriň biri bolan Dolaha etrabyna ynsanperwer ýardamy ýetişdirýärdi.

Ýitirim bolan dikuçaryň radio aragatnaşyklary, ekipaž agzalarynyň ýangyç problemasy barada gürrüň edýändigi eşidilenden soň kesilipdir.

Nepalyň harby resmisiniň berýän maglumatyna görä, alty dikuçar, şeýle-de ýüzlerçe gury ýer goşuny ýitirim bolan dikuçary gözleýär.

Nepalda 12-nji maýda bolan ýer titremede 67 adam heläk boldy we başga-da 1 100-den gowragy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG