Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Žurnalist sud zalyna çykýar


“Washington Post” neşiriniň habarçysy Jason Rezaian indiki hepde sud zalyna çykýar. Ol dokuz aý bäri Tähranyň türmesinde saklanylýar.

Rezaianyň aklawçysy Leýla Ahsanyň aýtmagyna görä, habarçynyň aýaly žurnalist Ýeganeh Salehi we ýene bir şübheli öňümizdäki hepdäniň şol bir gününde sud zalyna çagyrylypdyr.

“Eger ýeterlik wagt bolsa, onda sud diňlenişigi başlar. Eger ýeterlik wagt bolmasa, onda sud işine başga sud diňlenişiginde serederler” diýip, Ahsan belledi.

Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň raýatlygynyň eýesi Rezaian 2014-nji ýylyň iýul aýyndan bäri tussaglykda saklanylýar we geçen hepde oňa içalyçylyk etmekde, “duşman hökümetler bilen hyzmatdaşlyk etmekde”, gizlin maglumatlary ýygnamakda we Eýrana garşy propagandany ýaýratmakda resmi taýdan aýyplama bildirildi.

39 ýaşly Rezaian Tähranyň Ewin türmesinde saklanylýar.

XS
SM
MD
LG