Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Goranmak ministri wezipesine dalaşgär yglan edildi


Owganystanyň öňki aragatnaşyk ministri Masoum Stanikzaý ýurduň täze goranmak ministri wezipesine dalaşgär görkezildi.

Bu barada owgan prezidenti Aşraf Gani 21-nji maýda mälim etdi.

Eger owgan kanunçykaryjylary Stanikzaýyň dalaşgärligini kabul etse, onda ol 2014-nji ýylyň ahyrynda daşary ýurtly harbylar ýurdy terk edensoň, owgan güýçleri “Talybana” garşy aglaba ýekelikde göreşýän mahaly, ýurduň harbylarynyň jogapkärçiligini öz üstüne alar.

Stanikzaý 2002-2004-nji ýyllar aralygynda ýurduň aragatnaşyk ministri wezipesini ýerine ýetirip, 2009-njy ýylda Ýokary parahatçylyk geňeşiniň sekretariatynyň başlygy wezipesine bellenipdi. Gürrüňi edilýän geňeş “Talyban” hereketi bilen gepleşikleri geçirmek üçin hökümet tarapyndan döredilen topardyr.

XS
SM
MD
LG