Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Semiz çagalaryň sany artýar


Çagalar, Türkmenistan.
Çagalar, Türkmenistan.

Semiz adamlaryň sany boýunça Çehiýa Ýewropada birinji ýere çykdy. Ýurduň Endokrinologiýa boýunça institutynyň ýakynda çap eden maglumatynda semizlik problemasynyň çagalara hem degişlidigi we häzir her üç oglan çagadan we her dört gyz çagadan biriniň aşa semizlikden ejir çekýändigi aýdylýar.

BMG-niň Bütindünýä Saglyk guramasynyň 2015-nji ýylyň başynda cap eden maglumatyna görä, tutuş dünýäde 1.9 milliard adamynyň agramy aşa. 18 yaşdan uly adamlara degişli bu umumy sana semizlik näsaglygyndan ejir çekýänler hem girýärler we olaryň 600 million adam çemesidigi aýdylýar. Prosent görnüşinde alnanda, aşa agramly adamlar dünýäniň ilatynyň 39%-ni, semizlikden ejir çekýänler bolsa 13%-ni emele getirýärler.

​Çagalara degişli berlen sanlarda dünýäde bäş ýaşyna ýetmedik 42 million çagada aşa agram ýa-da semizlik problemasynyň bardygy aýdylýar.

1980-nji ýyldan bäri dünýäde semizleriň sany, umuman, iki esse artypdyr.

Aşa agram we semizlik näme?

Aşa agram we semizlik adamyň bedeninde kada laýyk bolmadyk mukdarda ýag gatlaklarynyň döremegi bilen kesgitlenýär we munuň saglyga zyýan ýetirip bilýändigi aýdylýar.

Şu günki gün adamyň agramyny kesgitleýji usullaryň ençemesi ulanylýar, olardan esasy biri 1869-njy ýylda belgiýaly sosiolog Adolf Ketele tarapyndan işlenip düzülen göwre agramynyň indeksi. Munuň üçin adamyň agramyny onuň boýunyň ikä köpeldilen görkezijisine bölmeli. Adamyň agramynyň kadaly bolmagy üçin indeks 18,5—24,99 aralygynda bolmaly.

Näme sebäp bolýar?

Esasy sebäp adamyň bedenine düşýän we sarp edilýän kaloriýleriň arasyndaky deňagramlylygyň bozulmagydyr we munuň köplenç nädogry iýmitlenmegiň hem fiziki aktiwligiň ýetmezçiliginiň netijesinde döreýändigi aýdylýar.

Pes we orta girdejili köp ýurtlaryň ilatynyň erbet iýmitlenmek problemasynyň üstüne semizlik problemasynyň hem goşulandygy bellenilýär.

Şeýle ýurtlarda, çagalar entek enesiniň göwresindäki, bäbekleriň emdirilýän döwründe we ýaş çagalyk döwründe nädogry iýmitlenmegi semizlik töwekgelçiligini döredýär. Şeýle-de çagalaryň aşa köp ýagy, duzy, gandy öz içine alýan, peýdaly maddalary bolsa az bolan arzan azyk önümleri bilen iýmitlendirilmegi olaryň semizligine sebäp bolýar.

Saglyga täsiri

Çagalaryň aşa agramy – adamlarda has agyr görnüşde semizligiň döremek, has ir aradan çykmak we ulalanda maýyp bolmak töwekgelçiligini döredýär. Şeýle-de semiz çagalar dem alyş ugurdan

kynçylyk çekýärler, olarda süňkleriniň döwülmek howpy artýar, damar, ýürek-damar keselleri, süýji keseli we psihologiýa taýdan kynçylyklary döredýär.

Semizligiň öňüni alyp bolýar

Munuň üçin çagalaryň iýmitlenmegine we fiziki aktiwligine üns bermeli. Olaryň iýmit endiginde köp kaloriýaly azyklary azaldyp, gök önüm, miwe, däne we hoz ýaly azyklary köpeltmeli we fiziki maşklary yzygiderli ýerine ýetirmeli.

Bütindünýä saglyk guramasynyň maglumatynda çagalara günde azyndan 60 minudyň, ululara hepdede 150 minudyň dowamynda fiziki maşklaryň zerurdygy aýdylýar.

Şu günki gün lukmanlar sagdyn iýmitlenmegiň, sport, bedenterbiýe maşklaryny berjaý etmegiň has netijeli bolmagy üçin muňa islegli çemeleşmegiň we lezzet almagyň zerurdygyny aýdýarlar.

Çagalary sagdyn iýmite we herekete höweslendirmek üçin ene-atalar mejbur etmegi ulanmaly däl, sport görnüşini çaganyň öz islegine, ukybyna görä saýlamaly, ýa-da çaganyň boş wagtyny açyk howada öýnamagy, ýöremegi, gezelenç etmegi ýa-da ene-atasyna mellekde kömek bermek ýaly hereketde bolmagy üçin şert döretmeli.

Sagdynlyga höwes gerek

Şeýle-de çagany öwmek usulynyň ony sagdynlyga höweslendirmek üçin ähmiýeti bar. Öwgi çaganyň özüne bolan ynamyny, mertebesini artdyrýar. Çagalaryň semizligiň öňüni almak üçin ene-atanyň öz saglygyna seretmeginiň, sagdyn iýmitlenip, fiziki aktiwlige üns bermeginiň oňyn täsiri bar, ýagny ene-atanyň gowy göreldesi bu meselede öňyn rol oýnaýar.

Çagalaryň semizlik problemasynyň güýçlenýändigini boýun alan Çehiýa çözgüt hökmünde, hususan-da, çagalaryň mekdeplerde sagdyn iýmitlenmegine döwlet derejesinde ünsi artdyrmak bilen jogap berdi. Käbir mekdeplerde süýjüler, gazly suw ýaly azyklaryň sowdasy gadagan edildi. Şeýle-de häkimiýetler çagalaryň semizlik problemasyna maşgalalaryň özünde unsi has güýçlendirmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG