Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FIFA-nyň resmileri tussag edildi


FIFA, ýagny Futbol boýunça halkara federasiýasynyň ýokary derejeli sport häkimiýetleri
FIFA, ýagny Futbol boýunça halkara federasiýasynyň ýokary derejeli sport häkimiýetleri

Uzak wagtlap korrupsiýada aýyplanyp gelýän FIFA, ýagny Futbol boýunça halkara federasiýasy ýokary derejeli sport häkimiýetleriniň parahorluk bilen bagly täze we has möhüm aýyplama bilen ýüzbe-ýüz boldy.

FIFA-nyň ýedi resmisi tussag edildi, olar 27-nji maýda Şweýsariýanyň polisiýasynyň Surihiň gymmatbaha myhmanhanasyna eden reýdiniň netijesinde saklandy.

Bu ýedi adama häzir ABŞ ekstradisiýa edilmek garaşýar. Şweýsariýanyň Federal Adalat edarasynyň maglumatyna görä, amerikan häkimiýetleri olary “100 million dollar möçberde para almakda we bermekde güman edýärler.

“New York Times” neşiri we BBC agentligi tussag edilenleriň arasynda FIFA-nyň iki wise-prezidenti Jeffrey Webbyň we Eugenio Figueredonyň bardygyny habar berdiler.

ABŞ-nyň häkimiýetleri jemi 14 adama, şol sanda futbol boýunça bäş resmä we sport mediasy boýunça baş ýolbaşça günä bildirýärler.

Şweýsariýanyň häkimiýetleri bolsa Dünýä Çempionatynyň 2018-nji ýylda geçirilmegi üçin Orsýetiň we 2022-nji ýylda geçirilmegi üçin Kataryň saýlanyp alynmagyny derňemek üçin öz jenaýat işlerini gozgajakdygyny yglan etdiler.

Şweýsariýanyň polisiýasy FIFA-nyň bu ses berişligine gatnaşan 10 agzasyny sorag etmegi planlaşdyrýandygyny hem mälim etdi.

Derňewler bilen baglylykda FIFA-yň prezidenti Sepp Blatteriň ady agzalmady.

Halkara Futbol federasiýasynyň metbugat wekili Walter de Gregorio gyssagly gurnalan metbugat konferensiýasynda Şweýsariýanyň korrupsiýa baradaky derňewlerine FIFA-nyň baş sekretary Jerome Walkeniň we prezident Blatteriň atlarynyň goşulmandygyny aýtdy.

De Gregorio, derňewlere garamazdan, 29-njy maýda FIFA kongresiniň we bu guramanyň täze prezidentini saýlamak boýunça ses berişligiň geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Häzirki wagtda FIFA-nyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary Surihe jemlendiler. Guramanyň häzirki ýolbaşçysy Blatter guramanyň dolandyryjy geňeşiniň prezidenti wezipesine bäşinji sapar saýlanmaga dalaş edýär. Onuň saýlanmagy bilen bagly şübhe bildirilmeýär.

Şeýle-de FIFA-nyň metbugat wekili Walter de Gregorio 2018-nji we 2022-nji ýylda dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna eýe bolan Orsýetiň we Kataryň, ozalky plana görä, halkara ýaryşlary geçirjekdigini aýtdy.

27-nji maýda Şweýsariýanyň Baş prokuratura edarasynyň ýaýradan beýanatynda Halkara Futbol federasiýasynyň - FIFA-nyň IT, ýagny kompýuter ulgamynda saklanylýan resminamalarynyň we maglumatlarynyň hem ele salnandygy mälim edildi.

XS
SM
MD
LG