Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri we Zarif duşuşdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif.

Ženewada ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri özüniň eýranly kärdeşi Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşdy. Gepleşikleriň netijesinde iýun aýynyň ahyryna çenli ýadro ylalaşygyny baglaşmak mümkinçiliklerine ýol açylyp bilner.

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli bir resmisi Kerri bilen Zarif “günüň ähli meseleleri boýunça jikme-jik we ähli taraplaýyn gepleşikleri geçirdiler” diýip, maglumat berdi.

Eýranyň gepleşikleri alyp barýan toparynyň başlygynyň orunbasary Abbas Arakçi “özara tapawutlar heniz hem saklanyp galýar” diýdi.

Alty sagada çeken gepleşikleriň öňüsyrasy, ýagny 2-nji aprelde Eýran bilen dünýäniň iri alty döwletiniň arasynda deslapky ylalaşyk gazanylypdy.

Ýadro ylalaşygynyň çäginde Eýranyň öz ýadro hereketlerini kemeltmegi we munuň öwezine halkara sanksiýalarynyň gowşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Günbatar Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginden howatyrlanýar. Tähran bu aýyplamalary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG