Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ylmyň dosty, hökümetiň duşmany


 "Dinastiýa" fondunyň başlygy Dmitriý Zimin. 3-nji aprel, 2012.
"Dinastiýa" fondunyň başlygy Dmitriý Zimin. 3-nji aprel, 2012.

Rus hökümeti ylmy barlaglary sowet döwrüniň şöhratly günlerindäki derejesine galdyrmak barada gaýta-gaýta wada berdi. Emma bu pudagyň esasy howandaryna hüjüm edip, onuň bu wada ters iş eden bolmagy-da ähtimal.

Soňky aý rus ylmy üçin gümürtiklik aýy boldy.

12-nji maýda, hökümet bir million dollara golaý möhleti geçen abuna tölegini töläp bilmänsoň, onlarça uniwersitet we ylmy barlag instituty internetdäki ylmy makalalara elýeterliligini ýitirdi.

Şondan birnäçe gün soň, meksikan hemrasyny alyp barýan «Proton-M» raketa göterijisi uçup-uçman heläkçilige uçrap, Orsýetiň alty ýyldaky 16-njy şowsuz raketasyna öwrüldi.

Emma has ýamany öňdedi. 26-njy maýda, rus hökümeti «Dinastiýa» fonduny «daşary ýurt agenti» diýip tagmalanyndan soň, ýurduň iň baýry ylym adamlarynyň biri, 82 ýaşyndaky Dmitriý Ziminiň millionlarça dollarlyk maliýeleşdirmesi ýatyryldy. Mälim bolşy ýaly, bu tagma adatça hökümet bilen arasy o diýen saz bolmadyk guramalary nyşana almak üçin basylýar.

Bu çäre nädogry dolandyryşdan, býujetiň kemeldilmeginden, ýurduň bir zaman ynamdar ylmy programmasynyň ylym-bilimli adamlaryň gitmegi bilen ysgyndan gaçmagyndan lapykeç bolýan ylmy jemgyýetçilikde ullakan gahar-gazap döretdi. Rus hökümeti özüniň kosmos we ýokary tehniki programmalarynda hem düýpli kemeltmeleri buýurdy.

Çaklaňja bir ylmy gurama bolsa-da, «Dinastiýa» özüniň ýyllyk býujetini ýap-ýaňy 8.6 million dollara galdyrypdy, bu serişdeleriň hemmesi ylmy-barlag stipendiýalaryna, neşir işlerine, ýurt içindäki alymlary iş bilen üpjün etmäge gönükdirilendi.

"Dinastiýanyň ylym üçin eden esasy zady ýaş alymlary grantlar, ýagny ylmy iş üçin serişde bilen üpjün etdi» diýip, Orsýetiň Ylymlar Akademiýasyndaky Ýadro barlaglary institutynyň ylmy-barlaglar boýunça başlygy Boris Ştern aýdýar. "Meniň hut özüm, edil şu programma üçin, Günbatarda galman yzyna gelen iki adamy bilýärin" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma, Şterniň pikirine görä, Ziminiň ylma eden iň uly goşandy neşirleri, ylmy festiwallary, kitaphanalary, abraýly sylaglary maliýeleşdirmegi boldy, bularyň ählisi Orsýetde ylma täzeden höwes döretmegi maksat edinýärdi. Bu ýurt ozal dünýä periodiki tablisany, lazer tehnologiýasyny beren, kosmosa ilkinji adam uçuran ýurt bolupdy.

Ylmy meşhurlaşdyrmak babatdaky tagallalary Zimini tapylgysyz bir adama öwürdi diýip, internetdäki «Troitsky Variant» neşiriniň ýarpy maliýe serişdesini «Dinastiýadan» alýan Ştern belledi. "Ony tapylgysyz eden zat hem şu boldy, sebäbi hökümet bu hili işi asla etmeýär" diýip, ol aýtdy.

«Daşary ýurt agentleri»

Orsýetiň Ýustisiýa ministrligi 2012-nji ýyldan bäri özüniň «daşary ýurt agentleri» kanunyny daşary ýurtlardan maliýe serişdesini alýan ýüzlerçe jemgyýetçilik guramasyny tagmalamak üçin ulanýar. Emma öz emlägini «VimpelCom» telekommunikasiýa läheňini esaslandyrmakdan gazanan ozalky radio inženeriniň gara sanawa girizilmegi köpleri haýran haýran galdyrdy.

«Dinastiýa» fondy 2002-nji ýylda döredileli bäri esasan özüniň jomartlygy we syýasy däl işi üçin hökümet sylag-hormatlaryna mynasyp boldy. Zimin köplenç özüniň mesenatlyk goşantlary üçin ykrar edildi, fewralda bolsa ol «Ylma ygrarlydygy üçin» diýen döwlet sylagyny ilkinji bolup alan alym boldy. Bu sylag Orsýetiň magaryf we ylym ministri Dmitriý Liwanow tarapyndan elin gowşuryldy.

Ýustisiýa ministrligi başda «Dinastiýany» «daşary ýurt agentleri» atly gara sanawa girizmek kararyny bu fonduň syýasy işjeňlige goşulmagy we Ziminiň daşary ýurt hasaplarynda pul saklap, daşary ýurtdan pul almagy bilen düşündirdi. ("Men öz pulumy daşary ýurtda saklaýanymy hiç wagt ýaşyrmadym, Orsýet hem öz puluny daşary ýurtda saklaýar» diýip, Zimin Interfaks habar gullugyna aýtdy.

Ministrlik soňra öz düşündirişini biraz giňeltdi we «Dinastiýany» ozalky ykdysadyýet ministri Ýewgeniý Ýasin tarapyndan dolandyrylýan «Liberal missiýany» maliýeleşdirmekde günäledi.

Orsýetde liberal gymmatlyklary ýaýratmagy maksat edinýän gurama 2013-nji ýylda «Kanun we häkimiýet» atly kitap çap etdi. Ýustisiýa ministrliginiň resmileri «Dinastiýanyň» bu kitaby maliýeleşdirmegini «syýasy işjeňlik» hökmünde häsiýetlendirdiler. Ýasin we onuň «Liberal missiýa» guramasy hem Ýustisiýa ministrliginiň «daşary ýurt agentleri» sanawyna goşuldy.

Goldawçylarynyň pikirine görä, döwlet sylagyny alanyndan birnäçe aý soň Zimine hüjüm edilip başlanmagy hem öz-özüňe garşy gitmegiň, hem döwlet bidüzgünçiliginiň alamaty bolup görünýär.

Makala Walentin Baryşnikow we Sergeý Dobrynin tarapyndan ýazyldy. Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG